Soňky habarlar

Türkmen türgenleriniň GDA ýurtlarynyň II oýunlaryndaky ýeňişli ýoly uzaýar

Belarus Respublikasynda dowam edýän GDA ýurtlarynyň II oýunlary türkmen türgenleriniň uly üstünliklerine beslenýär. Ildeşlerimiz ýaryşyň ilkinji gününde 5 medala eýe boldular.

Agyr atletika boýunça 49 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň uly umyt bildirilýän agyr atletikaçylarynyň biri bolan Ýýulduz Jumabaýewa kümüş medala mynasyp boldy. Ildeşimiz 161 kilogram (71+90) agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden gelip, iki görnüşiň jemi boýunça hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

55 kilograma çenli agram derejesindäki oglanlaryň ýaryşynda Ali Babamuradow tapawutlandy. Iki görnüşiň jemi boýunça 215 kilogram (95+120) agyrlygy boýun egdirmegi başaran zehinli türgen ýaryşyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Mundan başga-da, türkmen dzýudoçylarynyň üçüsi bürünç medallara eýe boldy. 40 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Dilara Gandymowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmak ugrundaky tutluşykda Özbegistandan bolan Sarwinoz Abdusamadowa bilen duşuşdy. Duşuygyň esasy wagty ýeňijini kesgitlemek üçin ýeterlik bolmady. Şondan soň eminler «altyn utuk» üçin tutluşyk yglan etdiler. Şeýlelikde, ajaýyp zyňyşy türkmenistanly Dilara Gandymowa GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň bürünç medalyny getirdi.

Behruz Bahriddinow 55 kilogram agram derejesinde geçirilen ýaryşyň bürünç medaly ugrundaky tutluşykda belarusly Roman Kuznesowy ýeňlişe sezewar etdi we hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

63 kilograma çenli agram derejesinde çykan türkmenistanly gyz Nasiba Narymanowa bürünç medal aldy. Ildeşimiz bu ýerde bürünç medal üçin geçirilen duşuşykda Belarus Respublikasyndan Wioletta Fýodorowany ýeňlişe sezewar etdi.

Ýaryş dowam edýär.