Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

2023-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler

2023-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Bäsleşigi ýokary derejede geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dünýä çempionatynyň guramaçylyk komiteti döredildi we düzümi tassyklandy.

2003-nji ýylda kuraş Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan resmi sport hökmünde ykrar edildi.

Geçen gezekki kuraş boýunça dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Hindistanyň Puna şäherinde geçirildi.

www.sportcom.gov.tm