Soňky habarlar

Möhüm ähmiýetli çäre

Sişenbe güni — 4-nji iýulda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Içeri işler ministrligi hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda neşekeşlige we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň Bütindünýä güni mynasybetli geçirilen çäre diýseň ähmiýetli boldy. Oňa ýaşlaryň köpsanlysy gatnaşdy.

Bu çäräniň baş maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini giňden wagyz etmekden, bedenterbiýäniň we sportuň meşhurlygyny artdyrmakdan, parahatçylygyň hem-de gender deňliginiň many-mazmunyny şöhlelendirmekden ybaratdyr.

Ilki bilen çäreleriň geçirilmegine jogapkär edaralaryň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak hem-de olary ýaramaz endiklerden goramak barada meýilnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň arasynda bedenterbiýe we sport çärelerine aýratyn uly orun degişlidir. Ýaşlary bedenterbiýä we sporta giňden çekmek üçin dürli ýaryşlar, bäsleşikler we oýunlar yzygiderli geçirilýär. Şol ýaryşlaryň netijeleri boýunça ýeňijiler höweslendirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň arasynda toplumlaýyn wagyz-nesihat işleri giňden alnyp barylýar. Şeýle-de, bu ugurda dürli okuwlar, maslahatlar, duşuşyklar we tegelek stollar yzygiderli geçirilýär. Ýaşlary bedenterbiýe we sporta çekmekde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary hem-de halkara guramalar bilen bilelikde çäreler guralýar. Şol işleriň netijesinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Muňa ýurdumyzda gurulýan sport desgalary düýpli täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ýaş nesli ýokary derejede terbiýelemek boýunça amal edilýän işlerde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda işleýän edaralaryna hem möhüm orun degişlidir. Ine, şeýle möhüm maglumatlar bu ýerde edilen çykyşlaryň özenini düzdi.

Bu ýerde ýoga boýunça ussatlyk sapagy guraldy. Meýletinçiler bilen dürli mowzuklar boýunça gyzykly wiktorinalar geçirildi.

Çäreleriň ahyrynda bäsleşikleriň ýeňijileri sylaglanyldy. Dabaraly ýagdaýda jemlenen çäre ýaşlary ýokary derejede terbiýelemekde diýseň uly ähmiýete eýe boldy.

Rahat SAMATOW,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, komitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.