Sport neşiri «Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlary» atly makala bilen açylýar. Döwlet baştutanymyz milletiň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan etmek bilen bedenterbiýe we sporty yzygiderli hemra edinýär. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyza görelde bolýar.
Häzirki wagtda bedenterbiýe we sportuň ynsan durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigi hemmelere mälimdir. Bu hakykat «Физкультуре-физкульт-ура» atly rus dilindäki makala arkaly beýan edilýär. «Iň meşhur sport muzeýleri» atly material hem okyjylarda uly gyzyklanma döreder.
Halkara sport žurnalynda türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bilen hem giňişleýin tanyşdyrylýar.
Häzirki wagtda täze sport görnüşi — «elektron sport» uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu barada «Elektron sport we ýaşlar» atly makalada gürrüň berilýär.
Kýorling Türkmenistanda täze ýaýrap başlady. «Türkmenistan kýorling boýunça halkara ýaryşlaryna taýýarlanýar» diýip atlandyrylan makalada sportuň bu görnüşiniň aýratynlygy we biziň ýurdumyzda ösüşiniň geljegi barada gürrüň berilýär.
Halkara sport žurnalynyň şu sanyndan täze rubruika açylyp, bedenterbiýe we sport sözlügi çap edilip başlandy.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalyň okyjylaryny Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän bedenterbiýe we sport bilen baglanyşykly wakalardan söhbet açýan beýleki materiallar hem gyzyklandyrar.