Soňky habarlar

Köpçülikleýin sport ýaryşlary

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzüm birlikleriniň bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin ylgaw we oturylyp oýnalýan woleýbol boýunça ýaryşlar we ýaşuly nesliň arasynda bejeriş bedenterbiýesi boýunça köpçülikleýin çäreler geçirildi.

Köpçülikleýin sport çäresine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň, Çagalar Gaznasynyň, Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri,  Aşgabat şäheriniň gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň ýaşululary hem-de ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarydyr talyplary gatnaşdylar.

Ýaş oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen köpçülikleýin ylgaw ýaryşy bilelikdäki çäräniň başlangyç tapgyryny ruhubelentlige besledi. Talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ýaryşlar oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda dürli aralyklara guraldy. Bäsleşikler ýaş ýüwrükleri saýlady.

Bu ýerde Türkmenistanyň Merkezi bedenterbiýe-sport maýyplar klubunyň Aşgabat we Ahal toparlarynyň arasynda oturylyp oýnalýan woleýbol duşuşygy hem geçirildi. Mundan başga-da, ýaşuly nesil bilen bejeriş bedenterbiýesi boýunça maşklar ýerine ýetirildi.

Ýaryşklaryň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Gurtgeldi GARÝAGDYÝEW,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çärelerini guramak bölüminiň başlygy.