2023-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ýazky bak ekmek möwsümine badalga berildi.
Şol gün Aşgabat şäheriniň we ähli welaýatlaryň ýaşaýjylary Milli Bahar baýramynyň - Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda geçirilýän däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek çäresine işjeň gatnaşdylar.
Gahryman Arkadag tarapyndan başlanan ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça giň gerimli işler bu günki gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşiniň nyşany hökmünde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde bina edilen Arkadag şäheriniň çäginde guralan ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Türkmen topragyny bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäräniň ýazky möwsüminiň başlanmagyny alamatlandyrýan bu dabara ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.