Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen zenanlaryň arasyndaky gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji duşuşyklary hem-de ýaryşyň ýeňijilerininiň sylaglanyş dabarasy diýseň ýatda galyjy boldy.
Sylaglaýyş dabarasyna döwletimiziň ähli ugurlarda bolşy ýaly, sportda hem ygtybarly hyzmatdaşy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň raýatlary, janköýerler we sport muşdaklary gatnaşdylar. Zenanlaryň arasynda gandbol boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionaty bolsa ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň gender deňligini ilerletmek baradaky ýörelgelerine pugta ygrarlydygyny görkezdi.
Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde guralan bu ýurt derejesindäki çempionat zenan türgenleriň başarnyklaryny açyp görkezmeklerinde diýseň ähmiýetli boldy. Çekeleşikli geçen ýaryş zenanlar üçin özboluşly synaga öwrüldi. Başarjaňlygyň we ussatlygyň giňişligini emele getiren duşuşyklar türgenleriň ruhuny göterdi. Ýurdumyzyň gandbol söýüjileri bolsa ýaryşlara yzgiderli gatnaşyp, toparlara janköýerlik etdiler. Munuň özi ýaryşyň şowhunyny has hem artdyrdy. Elbetde, ýaryşlaryň esasy düzgüniniň ýeňijini saýlamak bolşy ýaly, zenanlaryň arasynda geçirilen gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň üçünji gününiň duşuşyklary bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitledi. Şunlukda, eminleriň adalatly netijsi zenanlaryň arasyndaky gandbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisiniň Aşgabat şäheriniň topary bolandygyny äşgär etdi. Balkan welaýatynyň topary ikinji orna eýe boldy. Lebap welaýatynyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndysy bolsa hormat münberiniň üçünji basgançagyndan ornuny tapdy.
Dabarada ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagy ýaş türgenlerimizde ýakymly täsirleri galdyrdy. Ajaýyp ýaryş ýurdumyzda zenanlar sportuny ösdürmekde, olaryň sport jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrmakda, Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berkarar etmekde diýseň möhüm mazmuna eýe boldy.
Dabaranyň soňunda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda sportuň ösmegine, sport diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklary ulgamynda mynasyp rowaçlandyrylmagynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Mähri AÇYLOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bedenterbiýe we sport çärelerini guramak bölüminiň hünärmeni.