Soňky habarlar

«Olimpe uzaýan ýol»

Düýn Russiýa Federasiýasynyň Kemerowo sebitinde guralan «Aziýanyň çagalary» atly II halkara gyşky sport oýunlary jemlendi. Bu ýaryş sportuň gyşky görnüşleri boýunça milli mekdebimiziň gelejegi bolan ýaş türgenlerimiz üçin bahasyna ýetip bolmajak tejribe boldy. Türkmenistanyň bu ýaryşa gatnaşan ýetginjekler ýygyndy toparynyň agzalary şol ýerde diňe oýunlaryň çekeleşikli bäsleşiklerinde çykyş etmek bilen çäklenmän, «Olimpe uzaýan ýol» atly bilim maksatnamasynyň çägindäki çärelere hem gatnaşdylar.

«Olimpe uzaýan ýol» atly bilim maksatnamasyny «Aziýanyň çagalary» halkara komiteti Russiýanyň Olimpiýa komiteti bilen bilelikde gurady. Munuň özi yklymyň çagalaryny bir ýere jemlän sport baýramçylygynyň çäklerindäki taslamalaryň bir bölegidir.

Olimpiýa ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen çäre «Aziýanyň çagalary» halkara sport oýunlarynyň taryhy bilen tanyşlygy, sportuň arassalygynyň many-mazmunyny hem-de dost-doganlygyň gözbaşy hökmündäki ähmiýetini öz içine alýar. «Aziýanyň çagalary» halkara komitetiniň, Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň, Russiýanyň milli dopinge garşy göreş guramasynyň hem-de ýurduň sport psihologlarynyň assosiasiýasynyň agzalarynyň beren gyzykly gürrüňleri oýunlaryň taryhy bilen bagly gyzykly wakalaryň üstüni ýetirdi. Bu ýerde meşhur türgenler we oýunlaryň dürli ýyllardaky ýeňijileridir uçurymlary bilen duşuşyklar ýaýbaňlandyryldy.

Bu taslamanyň çägindäki gyzykly çäreler düýn – «Aziýanyň çagalary» II halkara gyşky sport oýunlarynyň jemlenen güni tamamlandy.

«Türkmen sporty».