Soňky habarlar

Täze – 2023-nji ýylyňyz gutly bolsun!

Hormatly okyjylar, Sizi ýetip gelen Täze 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Türkmenistan Watanymyz agzybir, ruhubelent we sagdyn adamlaryň ýurdudyr. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, halkymyzyň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan etmek bilen, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakda ildeşlerimize nusgalyk görelde görkezýär.

Hormatly okyjylar! Biz näçe köp okadygymyzça, şonça hem gözýetimimizi giňeldýäris, jemgyýetçilik wakalaryndan giňden habarly we bilimli bolýarys. Geliň, ýetip gelen Täze ýylda hem ynanyşmak, dostluga sarpa goýmak we ýakynlarymyzy eý görmek, birek-biregi goldamak häsiýetlerimize has giň orun bereliň.

Täze 2023-nji ýyl ― towşan ýyly adamlara gowulyklary, söýgini, özara düşünişmegi, maşgala durmuşynda bagtyýarlygy wada berýär. Biz siziň her biriňize bu ýylda öňde goýan maksadyňyza ýetmegi arzuw edýäris.

Goý, her birimiziň ýüregimizdäki arzuwlar bu ajaýyp ýylda wysala gowuşsyn! Şonuň ýaly-da, bedenterbiýäni we sporty ýanymyzdan goýman, hemişe sagdyn, ruhubelent, gelşikli bolalyň. Janyňyz sag bolsun!

www.sportcom.gov.tm