Türkmen samboçylary Bişkek şäherinde dowam edýän 47-nji Sambo boýunça dünýä çempionatynda altyn we bürünç medallarynyň ikisine mynasyp boldular.
Halkara ýaryş sport we söweş sambosynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda 21 agram derejesinde 50-ä golaý döwlete wekilçilik edýän iň güýçli palwanlaryň 400-den gowragyny Bişkek şäherine jemledi.
Bäsleşigiň ilkinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyndan Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň esgeri Muhammet Kössekow altyn medala mynasyp bolmagy başardy. Bu üstünlige Aşgabatdan gelen 24 ýaşly sport ussady, 64 kilograma çenli agram derejesinde ýetdi.
Ilkinji tutluşykda Muhammet 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň bürünç medalyna eýe bolan ermenistanly Maksim Manukýanden, soňra bolsa bolgariýaly Dimitar Stoýanowdan üstün çykdy. Ýarym finalda ildeşimiz Gazagystan Respublikasyndan 2021-nji ýyldaky dünýä ýaşlar çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Esentaý Imahanowy ýeňdi. Finalda bolsa, işjeňligi bilen Azerbaýjan Respublikasyndan Elwin Bagirowy 1:0 hasabynda ýeňmegi başardy.
Muhammet Kössekow ilkinji gezek dünýä çempiony bolýar. Geçen ýyl Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda finalda Gazagystan Respublikasyndan Rahat Žanananiýeti ýeňip, altyn medala mynasyp bolupdy. Şonda M.Kössekow tutluşykdan soňra Halkara sambo federasiýasynyň resmi web-saýtyna beren interwýusynda: «Öňümizdäki dünýä çempionatynda ýeňiji bolmak üçin yhlas ederin» diýipdi. Muhammet häzirki dünýä çempionatynda münberiň iň ýokary basgançagyna çykyp, sözünde durdy.
Dünýä çempionatynyň ikinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndysy bürünç medallarynyň ikisini gazandy. Bu medallara Türkmenistanyň söweş sungaty Milli federasiýasynyň türgeni Kakageldi Ýegenbaýew (71 kilograma çenli) we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Hojamuhammedow (98 kilogramdan ýokary) mynasyp bolmagy başardylar.