«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň toplumy diýseň çekeleşikli ýagdaýda dowam edýär. Şol ýaryşlaryň çäklerinde guralan ýurdumyzyň başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky futbol bäsleşigi hem sözüň doly manysynda bu hakykatyň beýanyna öwrüldi.
Dartgynly futbol ýaryşy Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň ýeňşi bilen tamamlandy. Bu okuw mekdebiniň toparynyň ynamly çykyşy olaryň garşydaşlarynyň ählisinden rüstem çykmagyny şertlendirdi. Finalda bu topardan asgyn gelen Maliýe orta hünär okuw mekdebi bolsa ikinji orny eýeledi.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň hem-de «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň bilelikde geçiren ýaryşy futbol muşdaklarynyň, janköýerleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Ajaýyp futbol baýramçylygy ýaşlara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady.
«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlarynyň gyzykly bäsleşikleri dowam edýär.
Hydyr ORAZMÄMMEDOW,
«Türkmenitsan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň başlygy.