Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň sergisi geçirildi.
Bäsleşik halyçy gelin-gyzlary, heýkeltaraşlary, fotosuratçylary, neşirýat işiniň hünärmenlerini we teleoperatorlary has-da işjeňleşdirdi hem-de türkmenleriň wepaly dostlary bolan alabaýlara bagyşlanan birnäçe gyzykly döredijilik işlerini hödürlemäge mümkinçilik berdi.
Bäsleşigiň baş maksady türkmen halkynyň durmuşynda bu gaýduwsyz we akylly itiň eýeleýän ornuny görkezmekden ybaratdyr.
Döredijilik bäsleşigiň ýeňijileri ýakyn günlerde yglan ediler.