2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti döredildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hakynda Düzgünnama hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklandy.
Adalat ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek barada teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.