Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Elektron neşiriň nobatdaky sanynda halkara sport wakalary barada gürrüň berilýär

«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysy her duşenbede okyjylara ýetirilýär.

Elektron žurnalda Türkiýede geçirilen Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlary barada maglumatlar bar. Bu neşiriň täze sanynda okyjylar Türkmenistanyň milli tennis toparynyň okuw-türgenleşikleri bilen tanşyp bilerler. 

Şeýle-de, Türkmenistanyň (U 17) ýaşlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogynyň saýlama ýaryşyndaky çykyşlary barada maglumat berilýär.

Elektron neşiriň sahypalarynda milli futbol çempionatynyň täzelikleri-de okyjylara ýetirilýär.

2029-njy ýylda geçiriljek Gyşky Aziýa oýunlarynyň Saud Arabystanynda guraljakdygyny bilmek hem gyzykly bolar.

Sport dünýäsiniň iň gyzykly täzelikleri-de sport muşdaklaryny özüne çeker diýip pikire dýäris.

Elektron sport neşiriniň her bir sany bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň resmi saýtynyň «Gazetler» bölümi arkaly tanşyp bolýandygyny ýatladýarys! 

www.msy.gov.tm