Futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynda «Abdyş-Ata» «Kaganatdan» üstün çykdy (3:0).
Şeýlelikde, «Abdyş-Atanyň» esasy düzüminde meýdança çykan türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow möwsümdäki 11-nji oýnunda derwezesine pökgi geçirtmedi.
26 ýaşly türkmenistanly derwezeçi bu möwsümde öz derwezesine bary-ýogy 5 pökgi goýberdi. Bu barada «Instat» sport seljeriş kompaniýasyna salgylanyp, «Gyrgyzystan sport» teleýaýlymy habar berýär.
Rahat Japarow 2022-nji ýylyň ýanwaryndan bäri «Abdyş-Atanyň» düzüminde çykyş edýär.
Häzirki wagtda «Abdyş-Ata» Gyrgyzystanyň çempionatynda 38 utuk bilen 1-nji orunda barýar.