Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Merkezi Aziýanyň Çagyryş kubogy

Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Çagyryş kubogynyň ýarym finalynda Özbegistandan üstün çykdy. Şol oýun 3:0 (25:20, 25:10, 25:15) hasabynda tamamlandy.

Finalda türkmen woleýbolçylary Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Merkezi Aziýanyň Çagyryş kubogynyň aýgytly oýny 27-nji iýulda geçirildi.

3-nji orun ugrundaky oýunda Gazagystana we Özbegistana wekilçilik edýän woleýbolçylar duşuşdylar.

Ýaryş Bişkekde (Gyrgyzystan) geçirildi.

FINAL

Türkmenistan-Gyrgyzystan-2:3

3-NJI ORUN UGRUNDAKY OÝUN

Gazagystan-Özbegistan-3:0

«7/24.tm»