Türkmen ekipažlarynyň şu günler Russiýa Federasiýasynda geçýän «Ýüpek ýoly» halkara rallisindäki netijeleri awtomobil sporty boýunça milli mekdebimiziň täze derejesiniň görkezijisine öwrülýär.
16-njy iýulda «Ýüpek ýoly – 2022» halkara rallisiniň gutarnykly netijeleri kesgitlener. Ýaryşa gatnaşýan türkmen wekiliýetine 19 adam agzalyk edýär. Türkmen toparyna Şamyrat Gurbanow ýolbaşçylyk edýär. Milli ýygyndy toparymyzyň sürüjileri Maksatmyrat Daňatarowdan, Merdan Toýlyýewden, Süleýman Annamämmedowdan ybarat bolsa, Muhammetmyrat Gurbanow, Didar Orazmedow, Şöhrat Toýlyýew hem-de Parahat Garlyýew dagy olaryň ekipažyna şturmanlyk edýar.
Türkmen ekipažlarynyň «Ýüpek ýoly – 2022» halkara rallisiniň T2 ýaryşlaryna gatnaşýandyklaryna ünsi çekmek gerek. Ýolsuz ýerden hereket edýän ulaglary özünde jemleýän T2 ýaryşynda türkmen sürüjisi Merdan Toýlyýewiň ekipažy birinji tapgyryň ýeňijisi boldy. Ýaryşyň ikinji tapgyrynda hem Türkmenistandan gatnaşýan ekipažlaryň «АВТОВАЗ» zawodynyň topary bilen bäsdeşligi diýseň ýiti ýagdaýda geçdi. Ýeňşe esasy dalaşgär hasaplanylýan Dmitriý Woronow ýoluň başynda türkmen sürüjisi Merdan Toýlyýewden yza galdy. Ozalky netijesini gaýtalandygyna garamazdan, Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažynyň görkezijileri hem D.Woronowyňkydan öňde boldy. Astrahanda dowam eden üçünji tapgyrda Dmitriý Woronow «Ýüpek ýoly» halkara rallisiniň ýörite meýdanyndaky birinji ýeňşini gazandy. Ýörite meýdançany ikinji Merdan Toýlyýew, üçünji bolup Şamyrat Gurbanowa geçdi.
Halkara ralli-reýdiniň dördünji tapgyry 10-njy iýulda Astrahan — Groznyý ugry boýunça guraldy. Şamyrat Gurbanowyň sürüjilik edýän ekipažy bu tapgyrda pellehanadan birinji bolup geçdi. Dmitriý Woronow bu gezek ikinji orun bilen çäklenmäge mejbur etdi. Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy üçünji orny eýeledi. Groznyý — Groznyý ýol ugry boýunça guralan bäşinji tapgyr 11-nji iýulda ýaýbaňlandyryldy. Şamyrat Gurbanowyň hem-de Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažlaryny yzda galdyran ildeşimiz Merdan Toýlyýewiň ekipažy bu tapgyryň ýeňijisi boldy. Elbetde, bu tapgyrda türkmen ekipažlaryna öňdäki orunlaryň üçüsini hem eýelemek miýesser etdi.
12-nji iýulda Groznyý — Elista ugry boýunça geçen marafon tapgyrynda ekipažlar 545 kilometrlik menzil aşdylar. Pellehanadan birinji bolup geçmek Dmitriý Woronowa miýesser etdi. Şondan soňky orny Şamyrat Gurbanowyň ekipažy eýeledi. Merdan Toýlyýewiň ekipažy bolsa bu tapgyrda bellenen aralygy üçünji bolup geçdi. Elistanyň kötellikleri boýunça 350 kilometrlik menzile uzan ýedinji tapgyrda hem altynjy tapgyryň ýeňijileri saklanyp galdy. Türkmen ekipažlary ikinji hem-de üçünji bolup geçmegiň hötdesinden geldiler. Şamyrat Gurbanow pellehanadan ikinji bolup geçmegi başarsa, Merdan Toýlyýew bellenen menzili üçünji bolup külterledi.
14-nji iýulda ýaryşa gatnaşyjylar «Elista — Wolgograd» ugry boýunça 647 kilometrlik menzilde ýaryşdylar. Merdan Toýlyýew ikinji, ondan 25 sekunt yza galan Şamyrat Gurbanowyň ekipažy üçünji boldy.
Tamamlanan 8 ýörite meýdanyň netijeleri boýunça türkmen ekipažlary öňdäki üçlügi düzýär. Toýlyýewiň, Gurbanowyň hem-de Daňatarowyň ekipažlary T2 ýaryşynyň başyny çekýär. Olaryň esasy bäsdeşi bolan Woronow bolsa heniz dördünji orunda barýar.
Ýaryş dowam edýär.
«Türkmen sporty» gazeti.