Soňky habarlar

Türgenleri sylaglamak dabarasy

10.06.2022. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanan türkmenistanly türgenleri sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanly türgenler 2022-nji ýylyň ýanwar-maý aýlary aralygynda sportuň agyr atletika, erkin göreşi, guşakly göreş, dzýudo görnüşleri boýunça dünýä we Aziýa çempionatlarynda, şeýle-de halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Türgenleri sylaglamak dabarasynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de halypa tälimçiler, türgenler we talyplar gatnaşdylar.

Dünýä, yklym we sebit derejelerinde geçirilen halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenler hormatly Prezidentimize türkmen sportunyň ösüşini täze belentliklere çykarmak boýunça döredilýän mümkinçilikler üçin alkyş aýtdylar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň “Sagdyn nesiller” aýdym-saz topary çykyşy sylaglamak dabarasynyň şowhunyny artdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

 

«7/24.tm»