Soňky habarlar

Welosport hakda faktlar

Bilşiňiz ýaly welosipediň muşdaklary köp. Olar hatda özleriniň halkara bileleşigini hem döretdiler. Şol bileleşik welosiped söýüjileriň takmynan sanyny kesgitläp, ýer ýüzünde bir ýarym milliarddan gowrak adamyň welosiped sürmegi halaýandygyny habar berdi. Ulagyň bu görnüşiniň häzirki wagtda durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi düşnüklidir. Şonuň üçin hem oňa bolan gyzyklanma uludyr.

Welosiped iň täsirli tehnologiýa serişdeleriniň biridir. Bu esasanam taryhy tarapdan alanyňda has aýdyň görünýär. Welosipedleriň kämilleşmegi reňklemegiň täze ýörelgesiniň döremegine sebäp boldy. Bu bolsa maşyngurluşyk pudagynyň beýleki ugurlaryny hem öz içine alýar.

Welosipedler barada aýdylanda, daşky gurşawy ýatlaman bolmaz. Bu ýerde global ýylylyga, ozon deşikleriniň azalmagyna we daşky gurşawa ýüküň azalmagyna garşy göreş bar. Welosipedleriň köpçülikleýin ulanylmagy biologiki görnüşleriň dürlüligine ýaramaz täsir etmeýär. Bularyň hemmesi welosiped sürmegiň döwlet derejesinde meşhur bolmagyna getirýär. Bu, meselem, welosiped ýollarynyň we beýleki infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň ýaýbaňlanmagyna getirýär.

Iň köp welosiped sürýän ýurt Hytaýdyr. Bu ýerde hemme zat welosiped bilen baglanyşykly durmuşyň, hatda häzirki zaman tehnologiýasynyň hyzmatyna goýulýar. Welosipedleriň awtoulaglara bolan gatnaşygy haýran galdyryjydyr - 300:1.

Ýönekeý rekordlar köplenç täzelenilýär. Ýöne welosiped sürüjileriň arasynda şu güne çenli täzelenilmedik 2 sany rekord bar. Amerikaly Maýkl Sikrest bir gije-gündizde 1958 km aralygy geçipdir. Daniýanyň raýaty Fred Rompelberg bolsa welosipediň tizligini sagatda 268,83 kilometre ýetmegi başarypdyr. Şol wagt ol 50 ýaşynda ekeni.

 www.msy.gov.tm