Türkmenistanda yzygiderli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesi üçin köpçülikleýin bedenterbiýe hereketi işjeň ösýär. Halkyň abadançylygy, adamlaryň beden we ruhy saglygy, fiziki taýdan güýçli, akyl taýdan ösen, giň düşünjeli ýaşlaryň terbiýesi baradaky aladalar Türkmenistanda iň möhüm döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 2022-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanda dabaralar geçirildi.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy. Döwlet baştutanynyň göreldesine eýerip, hemmeler paýtagtyň şaýollaryndan geçýän ugur boýunça agzybirlik bilen welosipedli ýörişe gatnaşdylar.
Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesine bolan gyzyklanma barha giň gerime eýe bolýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň wagyzçysy bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milletiň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan edip, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 19-njy martynda kasam kabul ediş dabarasynda çykyş edip: «Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler» diýip nygtady.
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ähli welaýatlarda sport dabaralary geçirildi.