Soňky habarlar

Bütindünýä welosiped güni bilen gutlaýarys!

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Bütindünýä welosiped güni bilen gutlaýar! Bu halkara möçberli baýram Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2018-nji ýylda döredildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan sagdyn we ruhubelent adamlaryň ýaşaýan ýurduna öwrüldi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň wagyzçysy bolan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milletiň saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri diýip yglan edip, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanýar we watandaşlaryna görelde bolýar.

Bütindünýä welosiped güni bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi size berk jan saglyk, işde üstünlik, uzak ömür diläp, biziň saýtymyzy ýaýmaga işjeň gatnaşmagy arzuw edýär.

       Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi.