Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

«Merw» Mary welaýatynyň kubogyny eýeledi

«Energetik» futbol kluby, Mary welaýatynyň kubogynyň ýarymfinal oýnunda garşydaşy «Kuwwatdan» üstün çykdy. Duşuşyk 5:0 hasabynda tamamlandy.   Beýleki ýarymfinal oýnunda «Olimpi» 5:0 hasabynda ýeňen «Merw» bilen «Energetik» topary aýgytlaýjy oýunça güýç synanyşdy. 2022-nji ýylyň 28-nji maýynda Mary şäherinde geçirilen final oýnunda ynamly oýun görkezen «Merw» 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, kuboga mynasyp boldy.

 www.tff.com.tm