Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogyna bagyşlanan sergi geçirildi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogyna bagyşlanan serginiň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylynda geçirilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir.
Türkmenistan Watanymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogyna bagyşlanan serginiň geçirilmegi eziz Diýarymyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň diwarlygy hem sergide mynasyp orun eýeledi. Onda ýurdumyzda sportda we ýaşlar syýasatyny wagyz etmekde alnyp barylýan işler öz beýanyny tapdy. Şeýle-de, türkmen zenanlarynyň şol üstünliklere goşýan goşandy şöhlelendirildi.
Serginiň diwarlygynda ata Watanymyzda sporty we ýaşlar syýasatyny wagyz etmäge mynasyp goşandyny goşýan «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen hem tanyşdyryldy.