Soňky habarlar

Arkadagymyzyň ajaýyp sowgady

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömrüniň kämil kelamy bolan «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň halkymyzyň eline gelip gowuşmagy mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahatyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň medeni mirasyna, ylmy goruna ägirt goşandy bolan «Ömrümiň manysy» atly eseriniň türkmen halkynyň eline gelip gowuşmagy mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi. Bu ýerde hünär saýlamak, ýaşlary terbiýelemek, milli gymmatlyklarymyzy açyp görkezmek, taryhy gelip çykyşymyza göz ýetirmek, ynanç-ygtykatlarymyzyň möhümligi baradaky gymmatly maglumatlary bilen çuň many-mazmuna ýugrulan bu eseriň her bir türkmenistanlynyň hemrasyna öwrüljekdigi bellenildi. Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar kitapda beýan edilýän maşgala gymmatlygy, Oguz türkmenlerinden bäri öz milliligini ýitirmän gelýän edim-gylymlarymyz, dünýä ýaň salan beýik döwletlerimiz, medeni mirasymyzyň genji-hazynasyna öwrülen beýik şahsyýetlerimiz, şahyrlarymyz, alymlarymyz, ulamalarymyz baradaky baý maglumatlaryň ählimizi buýsandyrýandygyny beýan etdiler. Olar halkymyzy täze ýeňişlere, ösüşlere ruhlandyrýar.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň bu ömür kyssasyndan ajaýyp jümleler getirildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Haýsydyr bir zady ýüregiňe berk düwseň, maksat edinseň, bu ugurda tagallaňy gaýgyrmasaň, ýetilmejek menzil ýok. Munuň şeýledigini durmuşda kän gördüm» diýen jümleleri ildeşlerimiziň her biri üçin bahasyna ýetip bolmajak mekdepdir.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň şeýle eserleriniň dowamly bolmagyny arzuw etdiler. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň döwletimizi ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan ynamly gadamlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň Watanymyzy täze sepgitlere çykarmagyň ýolundaky tagallalarynyň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Mähri AÇYLOWA,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar

syýasaty ministrliginiň hünärmeni.