Soňky habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitaby çapdan çykdy

Milli Liderimiziň bir aýlyk dynç alşynda tamamlan «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy.

 «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän ýylda neşir edilen bu eser Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

Kitabyň girişinde awtor — Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir geçilen ýol we edilen işler barada oýlanmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşda mundan beýläk-de nämeleri etmelidigi barada pikirlenmegiň her bir adamyň borjudygyny aýratyn nygtaýar.

Kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerden ybaratdyr.

 Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda çap edilen nobatdaky taryhy-filosofik eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat eder.

 

www.tdh.gov.tm