Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Lýuksemburgda geçiriljek dünýä çempionatynda türkmen hokkeýçileriniň oýunlarynyň täze tertipnamasy tassyklandy

Halkara hokkeý federasiýasy (IIHF) 2022-nji ýylyň 3 – 8-nji aprelinde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda Lýuksemburgda geçiriljek «A» toparyň üçünji bölüminde dünýä çempionaty üçin oýunlaryň täze tertipnamasyny tassyklandy.

Başda bu ýaryşa alty topar gatnaşmalydy. Emma fewral aýynda KHDR-iň milli ýygyndysy koronawirus pandemiýasy sebäpli Dünýä çempionatyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Netijede «B» toparyň ikinji bölüminde çykyş etmek hukugy ugrunda bäş topar – Lýuksemburgyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Taýwanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň toparlary güýç synanyşarlar.

Halkara hokkeý federasiýasynyň saýtynda habar berlişine görä, türkmen hokkeýçileri Dünýä çempionatynda ilkinji duşuşygyny 3-nji aprelde BAE-niň topary bilen geçirer. 5-nji aprelde Lýuksemburgyň topary, 7-nji aprelde Taýwanly garşydaşlary bilen oýnar we ýaryşy 8-nji aprelde Türkiýäniň topary bilen duşuşyp tamamlar.

Duşuşyklaryň hemmesi Lýuksemburgyň Kokelşöýe meýdançasynda geçiriler.

«B» toparyň ikinji bölüminiň 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşmaga diňe Lýuksemburgda geçirilen ýaryşyň ýeňijisi hukuk gazanar.

Türkmenistanyň hokkeý federasiýasynyň başlygy Jora Hudaýberdiýewiň aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň üç hokkeý klubundan - «Galkandan», «Şirden» we «Oguzhandan» 20 hokkeýçi milli ýygyndy toparyň düzüminde Lýuksemburgda geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlanýar.

Dünýä çempionatyna Türkmenistanyň milli ýygyndysyny baş tälimçi Baýram Allaýarow taýýarlaýar, onuň ýolbaşçylygynda hokkeýçilerimiz 2017-nji ýylda Sapporoda (Ýaponiýa) geçirilen VIII Aziýa gyş oýunlarynyň meýilnamasynda ikinji bölüm ýaryşynda kiçi altyn medal gazandylar, 2018-nji ýylda bolsa dört toparyň gatnaşmagynda Saraýewoda (Bosniýa we Gersegowina) dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşda ýeňiş gazandylar we 2019-njy ýylda Sofiýada (Bolgariýa) dünýä çempionatynda ilkinji gezek çykyş edip, üçünji bölümde üçünji orny eýelediler.

www.turkmenistan.gov.tm