Soňky habarlar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEGI MYNASYBETLI DABARA

2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, harby gullukçylar hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri bar.

Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş sazy bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny hem-de mukaddes Gurhany getirýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermegiň jemlerini yglan etmek üçin, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berilýär. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi.

Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen mejlisinde saýlawlaryň netijeleri jemlenildi. Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Dabaraly pursat ýetip gelýär, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýörite niýetlenen münbere barýar.

Asylly däbe görä, sahna ak gyňaçly eneler çykýarlar. Olaryň biri ak ýola hem-de asylly işlere ak pata bermegiň nyşany hökmünde düýrlengi ak keçäni getirýär we ýazýar. Beýleki ak gyňaçly ene abadançylygyň we berekediň nyşany hökmünde türkmen saçagyny saklap durýar. Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti müdimi milli mukaddesliklere sarpa goýýar we münbere baryp durýar.

Soňra Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, Türkmenistanyň halkyna kasam edýär.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy ähli türkmen halkynyň adyndan saýlanan döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsyýetnamasyny gowşurýar. Soňra welaýatlara hem-de Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulular döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny gowşurýarlar we türkmen halkynyň adyndan mähirli gutlaýarlar.

Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda öz wezipesine girişendigi dabaraly ýagdaýda yglan edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde baş egýär we mukaddes baýdagy öpüp, oňa togap edýär.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany wezipesine girişen Serdar Berdimuhamedow söz sözleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlendi we şowhunly hem-de dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, zaldan ugraýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Ruhyýet köşgünden awtoulagda hormatly atlylar kerweniniň ugratmagynda «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugraýar we «Galkynyş» meýdançasynyň töwereginde öwrüm edýär.

«Oguz han» köşkler toplumynyň esasy girelgesiniň öňünde Hormat garawuly batalýonynyň hem-de goşunlaryň dürli kysymlarynyň harby bölümleriniň esgerleri nyzama düzüldi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow hasabat berýär.

Dabaraly ýöriş sazynyň astynda harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň öňünden sazlaşykly gadam urup geçip gidýärler we harby taýýarlygyň ussatlygyny görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesindäki borçlaryny ýerine ýetirmäge girişmek üçin «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugraýar.

Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Hökümet agzalarynyň ygtyýarlyklaryny tabşyrmaklary hakyndaky Karara gol çekdi. Ygtyýarlyklaryny tabşyran Ministrler Kabinetiniň agzalary onuň täze düzümi düzülýänçä, öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam ederler.

Şu gün Kabul ediş merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmegi mynasybetli resmi kabul edişlik guraldy.

Agşamlyk baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzyň günorta künjeginde dowam etdi. Türkmenistanyň Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we dabara gatnaşyjylary meşhur aýdymçylardyr ýurdumyzyň tans toparlary şatlyk-şowhun bilen garşyladylar.

Asmana atylan feýerwerk bu ýerde guralan dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Ak mermerli Aşgabadyň asuda asmanyny ýagtylandyran älemgoşar öwüşginleri şu günki geçirilen möhüm çäre bilen özboluşly sazlaşygy döretdi.

 

Şeýle hem şu gün Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmeginiň hormatyna paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde toý sadakasy berildi.

www.mfa.gov.tm