Tertibi boýunça 19-njy gezek geçiriljek Tomusky Aziýa oýunlary 2023-nji ýylyň 23-nji sentýabry - 8-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hanjou şäherinde geçiriler
19-njy Tomusky Aziýa oýunlaryna takmynan 45 döwletden 11 000 – 12 000 töweregi türgeniň gatnaşmagy garaşylýar.
Türgenler sportuň 44 görnüşi boýunça, ýagny suwdaky sport görnüşleri, ýaý atmak, ýeňil atletika, badminton, beýsbol, basketbol, basketbol 3x3, boks, bridž (ikilikde ýa-da toparlaýyn görnüşde kart oýuny), kanoý, küşt, kriket, welosport, dragon boat (akedemiki küreklemek ýaly, ýöne gaýygy şekili drakon görnüşde), atly sport, gylyçlaşmak, futbol, golf, gimnastika, skalolazaniýe, gandbol, otuň üstünde oýnalýan hokkeý, jiu-jitsu, dzýudo, karate, kuraş, pentatlon, küreklemek, rolikly sport, regbi, atyşyk sport, skeýtbording, ýelken sporty, sepaktakraw (aýak bilen oýnalýar woleýbol ýaly), soft tennis (raketkaly tennis meýdançasynda oýnamak), softbol, skwoş, stol tennisi, taekwondo, tennis, triatlon, woleýbol, agyr atletika, sport göreşi, uşu we elektron sport görnüşleri boýunça ýaryşlarda özara bäsleşerler.
Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlarynyň sportuň kuraş, boks, ýeňil atletika, basketbol 3x3, dzýudo, karate, suwda ýüzmek, agyr atletika, sport göreş (erkin we grek-rim), jiu-jitsu we elektron sport görnüşlerinden gatnaşmagy meýilleşdirilýär.