Penşenbe güni Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmenleriniň we işgärleriniň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde tanyşdyryş okuw-maslahaty geçirildi. Okuw-maslahatda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary P.Agaýew, ministrligiň Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni M.Soltanowa we beýlekiler çykyş etdiler.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň ösüşleri bilen deň gadam urýan ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça edilýän tagallalar barada gürüň berdiler. Hünärmenler okuw-maslahata gatnaşyjylara sanly ulgam, maglumat-aragatnaşyk serişdeleri, maglumat howpsuzlygy, internet tory, elektron resminama dolanyşygy, tehnologiýalary maksadalaýyk peýdalanmak, elektron enjamlaryň gurluşy we olaryň ynsan saglygyna täsiri ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Okuw-maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hünärmenler bilen özlerini gyzyklandyrýan sowallar boýunça pikir alyşdylar.
«Türkmen sporty» gazeti.