Her gezek Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewlerimiz bilen didarlaşyp, atly gezelenç edende, üýtgeşik ýakymly duýgulary başdan geçirýärin. Çünki bedew bilen baglanyşykly gyzykly gürrüňler, at bilen baglanyşykly täsin wakalar çagalykdan gulagymda galypdyr. Şonuň üçin meniň bu günki söhbetimiň başy şu günüň gürrüňi däl-de, alys oglanlygyň söhbeti.
Söwüt çybygyndan ýasanan «atymy» debsiläp, deňziň kenaryny torç edip ýörün. Töwerekde başga jemende ýok, täk «bedewim» ikimiz. Men kenara urulýan tolkunlaryň haýbatyndan hem, ýekelikden hem heder etmän, «atymy» säpjedip barýan. Sebäp diýseň, atam-babam ömrüni at üstünde geçiripdir-ä. Menem atamyň ogly boljak bolsam, hökman at çapaýmaly. Birhaýukdan halys surnugypdyryn. «Eýerden» syrylyp düşdüm-de, ýumşaksy çägä özümi goýberip, deňzi synladym. Gözýetimde şapak gyzarypdyr. Deňiz gomlaryny agzyndan ak köpük saçyp gelýän bedewe meňzedip ýetişdimmi-ýetişmedimmi, birdenkä olaryň içinde dor taý sogrulyp çykdy-da, bir bökende gaşymda peýda boldy. Aňk bolup oturşyma onuň altyn zer kimin al-elwan bulduraşýan damjaly depelini sypamaga-da ýetişmedim. Haýp, barjasy hyýala çalymdaş düýş ekeni...
Düýş görseň, näme, ýorgudam bolmaly-da. Obamyzyň iň köp ýaşan adamsy, on ony tegelän Atdaň enesi-hä ejeme «At — ganat. At gören adam arzuwyna ýeter» diýipdir. Başga biriniň «Ogluňyz çapyksuwar bolar» diýenine ejem hä bermedi. «Ol zatlar nesil yzarlaýar» diýdi. Dogry, garry atam Aňkar aganyň saýlama atlary bolupdyr. Özem — ömrüne at üstünde gezen adam. Ýöne meniň-ä oýundan-çyndan ata münenim ýadyma düşenok. Her niçigem, gytaklaýynam bolsa meni ata baglap biläýjek sebäp ýog-a däldi. Aýlawyň at gaýtarym gaýrasynda ýaşaýardyk. Töweregiň oglanlarynyň aglabasy atýatakda ýatyp, şol ýerden örerdiler. Atyň sagrysyny sypalap, ýeke ýola bolsa-da münüp görmek üçin arly tomus atýatak arassalardylar. Kesesinden köp gezek synlanam bolsam, düşünip bilemokdym, olaryň bolup ýörşi meniň üçin gaty geňdi. Bu meniň üçin şeýle ýalydy. Aslynda welin, munuň özi arkama-arka, nesilme-nesil dowam edip gelýän mekdep eken.
Herhal ata imrinmesem-de behişdi bedewlerimiziň durmuşyndan ýazylan çeper we taryhy kitaplary höwes bilen okap, surata düşürilen filmlere sypdyrman tomaşa ederdim. Olarda gaty gyzykly maglumatlara duş gelmek bolýardy. Taryhçylar ata-babalarymyzyň ir döwürlerden bäri owadan, ýyndam atlary ýetişdirendiklerini ýazýarlar. Aramyzdan ir giden alym, professor Öwez Gündogdyýew «Türkmenleriň geçmişi» atly kitabynda biziň eýýamymyzdan ozalky IV asyrda Wegesiusyň parfiýa atlaryny göçgünli, süňňi ýeňil, çydamly, syrdam we uzyn boýunly görnüşde suratlandyrandygy beýan edilýär. Aleksandr Makedonly Busefal atly bedewini gözüniň göreji ýaly görüpdir. Haçan-da, aty Hindistanda wepat bolanda, edil adam ýaly jaýlamagy, oňa heýkel dikmegi we soňra adybir şähere öwrüljek kendiň düýbüni tutmagy buýrupdyr. Ine, şujagaz mysalyň özi hem dünýäniň iň gadymy saýlama tohum aty hasaplanýan ahalteke bedewiniň şöhratynyň geçmişde-de beýik bolandygyny subut edýär.
Türkmeniň öz dünýä ýaýradan atynyň gadyryny bilşi gaty aňyrdan. «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň — atyňy». Bu — halk nakyly. «Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň». Bu — watançy şahyr Seýdiniň ýürek sözi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe behişdi bedewlerimiziň bütin dünýäde abraýynyň artmagy ugrunda abyrsyz uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýelden ýüwrük, gözellikde deňi-taýy bolmadyk atlarymyza bagyşlap döreden ähli kitaplary hem uly gyzyklanma döredýär. Olarda atyň türkmeniň durmuşynda tutýan orny, onuň artykmaç taraplary barada giňişleýin beýan edilýär. Ine, ýurt Baştutanymyzyň öňki eserleriniň üstüni ýetiren «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Türkmen halylary kaşaň köşklere laýyk hasap edilýän bolsa, bedewler hem asylly begzadalaryň göwnüni göterýän ajaýyp dostlarydy». Megerem, şundan uly zat aýdyp bolmasa gerek! Dost, ynsan kemi ýog-a olaryň. Arka yzarlanýar, gan yzarlaýar, ynsan derejesinde hormatlanyp, Watan, Keýmir, Perizat, Ýelsona ýaly atlar dakylýar. Dili-agzy ýok diýäýmeseň, üşüklilikde, häsiýetlilikde, edeplilikde ynsanlaryňam birentegine nusga bolup biljeg-ä olar. Başyňy gök diredýän ýeri, geçmişde bu atlary köpeldip, äleme ýaýradan hem biziň ata-babalarymyz bolupdyr.
Bedewleriň çyn hossary we aşygy Gahryman Arkadagymyzyň atasynyň agasy meşhur seýis Aba Annaýew hem bu ugurda nusgalyk işleri bitiren adam hökmünde tanalýar. Onuň seýisçilik sungatynda bitiren işleri, at ýetişdirmekdäki, ideg etmekdäki özboluşly ýoly nusgalyk mekdepdir. Dogrusy, seýislerem gaty edenli adamlar görmeli. Çünki olaryň zähmeti hormatlam bolsa, öte hupbatly. Ilden eşiden ýekeje wakamy gürrüň bereýin. Ýemşik aga pahyr atlaryny çapuwa taýýarlap, mazaly seýisläpdir. Erte-birigün aýlawa çykmaly pursatda daýhan birleşigine çet ýurtly syýahatçylar gezelenje geläýmezmi. Ine, şonda bir iňlis zenany atlaryň birine ýekeje alma hödürläpdir, muny gijräk gören seýis gaty gynanypdyr. Ol zenanyň özi seýsiň ähli azabyny puja çykarandygyna düşünmän galsa-da, baýrak almaly bedewiniň tamany ödemejegini ussat seýis bada-bat boýun almaly bolupdyr.
Dünýä nusgalyk behişdi bedewlerimiz hakyndaky söhbetlere girişmek bar, soňlamak ýok. Biz söhbetimizi Gahryman Arkadagymyzyň bedew batly ösüşleri nazarlaýan şu ganatly setirleri bilen jemlemegi makul bildik: «Biziň şöhratly üstünliklerimiziň alamaty — bedewlerimiz!».
Goçnazar Heşdekow,
žurnalist.