Bu günki günde Diýarmyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň XXVI ýyllyk toýuny toýlan ata Watanymyz indi täze 2022-nji ýyly uly dabara, şatlyk-şowhun bilen garşylamaga taýýarlyk görýär.
Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki, şol sanda paýtagtymyzdaky köçeleriň, şaýollaryň ugrunda, binalaryň öňünde guralan bezegler, täze ýyl arçalary diňe çagalaryň däl-de, uly adamlaryň hem ruhuny belende göterýär, göwnüni galkyndyrýar. Olary synlanyňda eýýäm ömrümiziň bir ýylyny soňlap barýandygymyzy duýýanam bolsak, entek öňümizde – geljek täze ýylda uly-uly ösüşleriň, üstünlikleriň, gowulyklaryň garaşýandygyna bolan ynam bizi ýakymly duýgular bilen gaplap alýar.
Şeýle ajaýyp täze ýyl arçalarynyň biri hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň binasynyň öňünde oturdyldy. Ol binanyň we köçäniň görküne has-da görk goşýar, baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar. Onuň töweregindäki «Aşgabat 2017» oýunlarynyň nyşany hökmünde saýlanyp alnan Wepalynyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp duran pursatlaryny görkezýän şekiller Diýarymyzda sporta uly üns berilýändigini, bu ulgamda belent sepgitlere ýetilýändigini alamatlandyrýar.
Şunuň ýaly täze ýyl arçalary paýtagtymyzyň beýleki binalarynyň hem öňünde bezeldi. Olar ak şäherimiziň görküne baýramçylyk äheňini çaýýar.