Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) guramagynda «Hukuklar we deňlik barada söhbetdeşlik» atly okuw maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Aşgabat şäher hem-de welaýatlaryň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirlikleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi hem-de welaýat Geňeşleriniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi hem-de welaýat Geňeşleriniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň maksatnamasy boýunça giriş sözi bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni Ý.Aşyrmyradow çykyş etdi.
Okuw maslahatynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň V ýyl talyby, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça kümüş medal gazanan Polina Gurýewa gatnaşyp, ýurdumyzyň zenanlarynyň sportda gazanan üstünlikleri we özüniň ýeten sepgitleri barada gürrüň berdi.