2021-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 40-njy Baş Assambleýasy öz işine başlady. Baş Assambleýada Aziýa sebitinde Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça hasabatlar we teklipler, şeýle-de Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetleri tarapyndan alnyp barylýan işleriň hasabatlary diňlenilýär.
Baş Assambleýanyň dowamynda XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary, 2022-nji ýylda Pekin şäherinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlary, Hanžou şäherinde geçiriljek XIX Aziýa oýunlary, Şantou şäherinde geçiriljek Ýetginjekleriň arasyndaky III Aziýa oýunlary, 2023-nji ýylda Bangkok we Çonburi şäherlerinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VI Aziýa oýunlary boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri baradaky hasabatlar bilen çykyş ediler.
Şeýle-de, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň hemişelik hereket edýän komitetleriň ýyllyk hasabatlary, Aziýa sebitinde Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we geljekde Olimpiýa hereketini ösdürmek boýunça Milli Olimpiýa komitetleriň teklipleri diňleniler.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 40-njy Baş Assambleýasynyň işine bu guramanyň agzasy bolup duran döwletleriň wekilleri, biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary Gulmyrat Agamyradow bilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi Ata Akmämmedow gatnaşýar.