Soňky habarlar

Elman Tagaýew AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşda iň netijeli oýunçy boldy

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň we «Ahalyň» ýarymgoragçysy Elman Tagaýew gol geçirmek babatynda AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşda şu möwsümiň iň netijeli futbolçysy boldy. «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynyň we Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň hünärmenleri bu babatdaky takyk hasapnamalary ýöredip, ildeşimiziň «Ahalyň» düzüminde bary-ýogy 3 gezek meýdança çyksa-da, tora salan 5 goly bilen geçiren oýnuna görä alanyňda, iň netijeli hüjümçi bolandygyny mälim etdiler.

Hasapnamada beýan edilişi ýaly, ildeşimiz 3 oýunda çykyş edip, 5 gezek tapawutlanmagy başarypdyr. Bu bolsa, her bir oýuna (5/3) =1,661,66 gol diýmegi aňladýar we bu ýaryşda möwsümiň iň ýokary netijesi hasap edilýär.

 2021-nji ýylda AFK-nyň kubogynda iň köp pökgi geçiren (7 pökgi) Huseýin Narçaýewiň netijeliligi bolsa her oýna 1 gola deňdir. «Nasafyň» hüjümçisi  Narçaýewyň  7 oýunda (7/7 = 1,0) çykyş edenligini bellemek gerek.