Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik

Türkmenistanda Milli olimpiýa hereketini rowaçlandyrmagyň, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň ähmiýeti dogrusynda «Ýurdumyzda rowaçlanýan milli olimpiýa hereketi» atly  tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.

Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň muzeýinde guraldy. Oňa sport ulgamynyň tejribeli hünärmenleri we sportuň olimpiýa görnüşi boýunça çykyş edýän türgenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebi bilen «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy gürrüňi edilýän çäräniň guramaçysy bolup,  çykyş etdi.

                    www.msy.gov.tm