Ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine ministrligiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalaryň guraýan duşuşyklary hem şaýatlyk edýär.
Şeýle duşuşyklaryň biri «Tälim berer, tärin biler halypa» şygary astynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň muzeýinde guraldy.
Ýurdumyzyň sport ulgamyndaky gazanylýan üstünlikleri barada söz açýan duşuşyk Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky «Köpetdag» sport toplumynyň guramagynda geçirildi.
Ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak, arassaçylyk işlerini geçirmegiň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Milli Olimpiýa sport köşginiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
«7/24.tm»