Sportuň sambo görnüşi bilen meşgullanýanlar we ony söýüjiler bu surat bilen öňden tanyşdyrlar. Ol öň saýtlarda, afişalarda, diplomlarda, kuboklarda, ýaryşlaryň medallarynda, hatda sport klublarynyň resmi nyşanlarynda hem dürli görnüşlerde şekillendirildi. Ony gözleg ulgamlarynda «sambo» sözüni ýazmak arkaly ýeňillik bilen tapyp bolýar. Ýöne onuň taryhyny welin hemmeler bilenok.
Ýewgeniý Nasyrow sambo jemgyýetinde tanymal şahsyýet. Ol Russiýanyň 18 ýaşa çenli gyzlar ýygyndysynyň tälimçisi. Gresiýada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky sambo boýunça dünýä birinjiliginde onuň topary 1-nji orny eýeledi. Şonda Ýewgeniý žurnalistlere beren interwýusynda bu suratyň nähili peýda bolandygyny gürrüň berip, bu meşhur surat üçin pul gazanyp bilmeýändigini aýtdy.
«Suratda meniň ýaryşlarda ýygy-ýygydan ulanýan iň gowy ýerine ýetirýän emelim görkezilýär. Şol tilsimim arkaly tas hemişe diýen ýaly ýeňiş gazanýaryn. Bu surat ýaryşda däl-de, fotosessiýada düşürilipdi. Ol 2005-nji ýylda Russiýanyň döwlet bedenterbiýe uniwersitetinde bolupdy. Näme üçin surat beýle meşhurlyk gazandy? Megerem, meniň tilsimim täsir edendir. Her näme-de bolsa, bu suraty halaýaryn, sebäbi onda meniň saçym bar (gülýär). Bu surat üçin hiç kim maňa pul tölänok. Ýöne haçanam bolsa bir wagt töläýseler hökman paýlaşaryn» diýip, Nasyrow «www.news.ru» saýtyna beren interwýusynda aýdýar.