Soňky habarlar

Garaşsyzlyk bilen galkynan sport

Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirilip, onda sport ulgamyna hem uly orun berildi. Baýramçylyk meýdany boýunça Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň awtoulagy geçdi. Türgenleriň köp sanly topary welosipedlerde we pyýada münberiň öňünden geçdiler. Olaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlar, milli we halkara derejeli ýaryşlaryň ýeňijileri hem-de şolarda baýrakly orunlary eýelänler bar.

Dürli öwüşginli pannoda soňky ýyllarda bina edilen häzirki zaman köpugurly stadionlar we sport toplumlary şekillendirilipdir, bu desgalarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilendir.

Sebitde deňi-taýy bolmadyk täsin Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylaryň aýratyn buýsanjydyr, onuň peýda bolmagy Halkara Olimpiýa Komitetiniň talaplaryna doly kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini alamatlandyrdy.

Milli ýygyndy toparymyzyň Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy şu ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Türkmen sportunyň täze taryhynda ilkinji Olimpiýa medaly alyndy, kümüş medala mynasyp bolan agyr atletikaçy Polina Gurýewa ýörite bezegli awtoulagdan myhmanlary baýramçylyk bilen gutlady.

Baýramçylyk dabarasynda sport ulgamyna uly ornuň berilmegi, bu ulgama berilýän ünsüň näderejede ýokarydygynyň aýdyň görkezijisi boldy.

«Türkmen sporty».