«Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýe-sport ulgamynda öňe süren we amala aşyrýan özgertmeleri barada gürrüň berýän «Milli Lider» atly redaksion makala bilen açylýar.
Ýurdumyzyň Prezidentiniň başlangyjy bilen neşir edilýän žurnal gysga wagtda öz okyjysyny tapdy diýse bolar. Neşiriň muşdaklary onuň täze sanyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Ol hem düşnüklidir. Golaýda tamamlanan Tokio Olimpiadasynda az sanly bolsa-da, ýaryşlara hyjuwly gatnaşan türkmen türgenleri şowly çykyş etdielr.
Watanymyzda türgenlerimiziň Olimpiada oýunlaryndaky çykyşlaryna mynasyp we ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň hünärmeni Rahat Samatow «Olimpiadanyň kümüş medaly» atly giňişleýin makala ýazypdyr. «Agyr atletikaçy gyz Polina Gurýewa Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň ilkinji medalyny gazandy» atly kiçi sözbaşy okyjylaryň ünsüni özüne çekýär.
Halkara Olimpiýa Gününe bagşlanan «Kuberteniň wesýeti bilen» atly synda baýramyň döreýşi we munuň bilen baglylykda ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreler beýan edilýär.
Žurnalyň çeperçilik taýdan bezeginiň hem ýokary derejededigini bellemek gerek.