Soňky habarlar

Mergenlik mekdebi

Ýaýdan ok atmak Türkmeniň ata-baba hemra edinip gelen gadymy sungatydyr. Pederlerimiz öz perzentlerine kiçilikden beýleki milli sungatlardyr oýunlar bilen bir hatarda ýaýdan ok atmagy hem öwredipdirler. Awa-şikara çykanlarynda, toý-baýramlarda altyn gabak atdyranlarynda ýaýdan ok atmakda mergenlik görkezipdirler. Muňa şaýatlyk edýän mysallara gadymy eposlarymyzyda, dessanlarymyzda duş gelmek bolýar. «Görogly» eposymyzda şeýle jümle bar: «Jygaly beg agtygyna bir ok-ýaý ýasap berdi». «Hüýrlukga-Hemra» dessanynda bolsa «Hysrow patyşa ýurduna gelip, kyrk gije-gündiz toý tutdurdy, at çapdyryp, altyn gabak atdyrdy» diýen jümle gabat gelýär.

Bu günki gün bu gadymy sungatymyz sportuň bir görnüşi hökmünde ösdürilýär. Bu ugurda dürli ýaryşlar geçirilip, türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmaklaryna ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ýaryşlaryň biri-de ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport zalynda geçirildi. Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda nusgawy ýaýdan 18 metr aralyga ok atmak boýunça institutyň açyk çempionaty gyzgalaňlygy bilen tapawutlandy.

Netijede ýekeleýin görnüşde 18 metre ok atmakda Y.Orazgeldiýew tapawutlandy. A.Gulaşow hem-de O.Kakyşowa degişlilikde 2-3-nji orunlara mynasyp boldular. Şol aralyga 60 ok atmak boýunça geçirilen bäsleşikde 592 utuk bilen Y.Orazgeldiýew 1-nji orny eýeledi. 586 utuk bilen A.Gullaşow 2-nji boldy. 581 utuk gazanan K.Hümmedow bäsleşigi 3-nji orunda tamamlamagy başardy.

Ýeňijilere Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň medallary gowşuryldy.

«Türkmen sporty».