Soňky habarlar

Elman Tagaýew «Ahala» ýeňiş getiren gollaryny Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlady

Türkmenistanyň öňdebaryjy futbol toparlarynyň biri «Ahal» AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçadaky bäsleşiginde ilkinji duşuşygyny geçiridi. Bişkek şäherinde geçirilen oýunda Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» «E» toparçadaky ilkinji bäsdeşi «Rawşandan» (Täjigistan) 3:1 hasabynda üstün çykdy.

«Ahal» toparyna ýeňiş getiren pökgileriň 2-sini tora salan Elman Tagaýew şol gollary Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly senesine bagyşlaýandygyny aýtdy.  Ol  «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň sport synçysy Merdan Baýadowa telefon arkaly interwýu beren mahaly bu şatlykly habary paýlaşdy.

Şeýle-de, Elman Tagaýewiň tora salan gollaryna assistentlik eden Gurban Annaýewiň bir topy tora salandygyny aýtmak getrek. Bu oýunda Täjigistanyň toparyndan Daler Şomuradow 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi.

Şeýlelikde, «Ahal» topary ilkinji 3 utugyny toplap, öz toparçasynda öňe saýlandy. Bu toparçada meýdança eýelerine Gyrgyzystanyň «Dordoýynyň» wekilçilik edýändigini ýatladýarys.

Toparçadaky bäsleşikleriň 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda tamamlanar.

www.msy.gov.tm

(TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bäsleşigine)