Soňky habarlar

Köpçülikleýin ekologiýa çäresi welosipedli gezelenji wagyz edýär

Aşgabat şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary paýtagtymyzda 10-njy maýdan 25-nji maý aralygynda ekologiýa çäresini guramak baradaky başlangyç bilen çykyş edýär. Bu çärä isleg bildirýän ähli adamlar gatnaşyp biler.

Ekologiýa abadançylygy baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny, doly bahaly we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadynyň özeninde durýar.

Milli Liderimiz welosipedli ýörişleri yzygiderli guramak ýaly ajaýyp däpleri ýola goýdy. Şol çärelere ulag sürüjiler bilen birlikde, türkmenistanlylaryň müňlerçesi jemlenýär. Ulag sürüjiler çäräniň geçirilýän wagty öz ulag serişdelerinden peýdalanmaklaryny togtadýarlar, bu bolsa ekologiýa ýagdaýyna örän oňyn täsir edýär.

Welosipedli ýörişler durmuş, sport hem-de ekologiýa maksatly dürli taslamalary we pikirleri goldamak babatda ençeme ýurtlarda geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň meşhur görnüşleriniň biridir. Şoňa görä-de, bu çäreler Türkmenistanda hem şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylaryny, uly hem-de kiçi ýaşly nesilleri birleşdirýär.

Welosipedli ýörişe isleg bildirýänleriň hemmesi – sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdarlary çagyrylýar. Şonuň bilen birlikde, bu çäräniň geçirilmeginiň ekologiýa ugry onuň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Ekologiýa çäreleri tebigata aýawly garamak boýunça asylly däpleriň mynasyp dowamydyr hem-de Aşgabadyň şanly 140 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli guralýan çäreleriň hatarynda mynasyp orun eýelär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi