Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Aşgabadyň gününde paýtagtymyz häzirki zaman yşyklandyryş we sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilýän köp öwüşginli bezegler bilen bezeler.
Aýry-aýry binalaryň ýüzüne lazer enjamlarynyň kömegi bilen «Ak şäherim — Aşgabat» ýadygärliginiň şekili, şeýle-de dürli gutlaglar şekillendiriler.
Baýramçylyk bezeg öwüşginleri «Oguzkent» myhmanhanasynyň, Erkin döredijilik mekanynyň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Arçabil şaýolunyň ugrundaky birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň binalaryny öz içine alar.
Binalaryň ýanynda döredijilik işgärleriniň çykyşlary guralar, şäheriň meýdançalarynda baýramçylyk ýörişleri geçiriler.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabadyň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçiriler, mekdep okuwçylarynyň şäheriň gözel ýerlerine gezelençleri guralar.
(TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bäsleşigine)