2021-nji ýylyň 2-nji maýynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda «Bedenterbiýe we sportda Arkadagyň ýoly bilen!» atly Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş geçirildi.
Köpçülikleýin ýörişiň çäklerinde aýdym-sazly dabara, talyplaryň arasynda ylgaw bäsleşigi, türgenleriň gatnaşmagynda görkezme çykyşlar guraldy.
Saglyk ýolynyň sekiz kilometrlik ýörişi Aşgabadyň gündogar tarapynyň Giňdiwar depesiniň eteginden başlandy. Köpçülikleýin ýörişe mugallymlar, talyplar, şeýle-de türgen talyplar işjeň gatnaşdylar.
Aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary Saglyk ýoluna guralan ýörişe we bu ýerdäki dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
(ÝAŞLAR GURAMASYNYŇ BÄSLEŞIGINE).