Soňky habarlar

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Açyk gapylar» güni geçirildi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji maýynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutymyzda «Açyk gapylar» güni geçirildi.

Mekdep okuwçylary üçin bu gün institutymyz gapylaryny giňden açdy. Okuwçylara institutymyzda hereket edýän fakultetler we olarda bar bolan sport we bedenterbiýe hünärleri barada, sportuň olimpiýa görnüşleri hakynda giňişleýin maglumatlar berildi.

Sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik zallary bilen tanyşdyryldy, şeýle-de kompýuter, lingafon otaglary, kitaphana, sanly bilim ulgamyndaky giňişleýin maglumatlar okuwçylara ýetirildi.

Türkmen sportunyň hak howandary hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller üçin okamaga, bilim almaga, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga döredip beren giň mümkinçilikleri mekdep okuwçylarynyň hünär saýlamaklarynda durmuşa ýol görkezijileri bolar.  

Enejan BORJAKOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sportuň mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň» müdiri.