Dünýäde durnalaryň ýüzlerçe görnüşleri bar. Örän täsin hem owadan bu guşlar gadymy döwçrlerden bäri dürli eserleriň döremegine esasy bolup gelipdir. Dünýä halklarynda durnalara bagyşlap eposlardyr dürli mazmunly rowaýatlar hem-de goşgy setirleri döredilipdir. Ol eserlerde durnalara hoşmeýilligiň, adalatlylygyň simwoly hökmünde garalypdyr. Gadymy grek-rim simwolikasynda bolsa bu guşlar ýaz paslyna hem-de ýagtylyga deňelipdir. Adamlar durnalaryň ýazy getirýändigine, olar bilen zemine ýagtylygyň düşýändigine ynanypdyrlar.
Durnalar öz-özüni goraýan guş hasap edilýär. Olar özüniň höwürtgesini barmasy kyn bolan batgalyk, çuňlugy 30-40 santimetre ýetýän suwly ýerlerde gurap, howpdan goranýarlar. Olar öz jüýjelerini balyklar, mör-möjekler, ösümlikleriň suwasty bölekleri bilen iýmitlendirýärler.
Gyş paslynda durnalar Hindistan, Bagdat, Eýranyň demirgazyk çäklerine, Hytaýyň ýyly ýerlerine uçup gidýärler. Durnalaryň güýz we ýaz aýlary göçüş döwründe Hazar deňziniň kenarlarynda düşleýändiklerini-de belläp geçmek möhümdir. Bahry-Hazaryň mylaýym ýelli kenarynda olaryň tellerini darak-darak edip meýmiräp oturyşyny synlamagyň özi ajap bir ruhy lezzetdir.
Durnalar guşlar dünýäsinde ýeke-tak toýnuk gurap uçýan guşlardyr. Uçanlarynda topar durnalaryň öňüni serdar durna çekýär. Uçýan mahaly durnalar bütin töweregi täsin bir owaza gaplaýarlar. Bu täsin ýagdaýa bagyşlap «Durnanyň» atly halk aýdymy döredilipdir. Bu aýdymy meşhur Girman bagşy uly ussatlyk bilen ýerine ýetirip, halkyna miras goýupdyr.
Näzli ÝAGŞYMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.