Soňky habarlar

Üzärligiň ynsan saglygyna peýdasy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byn­da türk­men top­ra­gyn­da bit­ýän der­man­lyk ösüm­lik­ler ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da müň der­de der­man ha­sap­lan­ýan üzär­lik ba­ra­da hem gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­ýär.  

Bu ösüm­lik mer­ke­zi we çet­ki nerw ul­ga­my­nyň ke­sel­le­rin­de, bo­gun­lar­da­ky gu­ra­gy­ry­da, dür­li ýo­kanç we de­ri ör­tü­gi­niň ke­sel­le­rin­de we so­gul­jan­la­ryň gar­şy­sy­na gö­reş­mek­de peý­da­lydyr.

Üzär­li­giň tüs­se­si­niň adam sag­ly­gy üçin howp­ly bak­te­ri­ýa­la­ry ýok ed­ýän­di­gi köp­le­re mä­lim­dir. Adam­la­ryň köp üýş­ýän ýe­rin­de üzär­li­gi tü­tet­me­giň esa­sy mak­sa­dy dö­räp bi­läý­jek ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­dyr. Oba ho­ja­ly­gyn­da ösüm­lik­le­re zy­ýan ber­ýän mör-mö­jek­le­re gar­şy ulan­mak­da hem üzär­li­giň peý­da­sy ulu­dyr.