Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
- Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge uly üns berilýär.
TÜRKMENISTANYŇ BEDENTERBIÝE WE SPORT BARADAKY DÖWLET KOMITETI
Soňky habarlar

Futbolçylaryň üstünligi

Mary welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň düzümindäki sport mekdepleri sport bilen meşgullanmak boýunça degişli çäreler yzygiderli geçirýärler.

Ýaňy-ýakynda sportuň futbol görnüşi boýunça Mary şäheriniň “Bagtyýarlyk” sport desgasynda 2010-njy ýylda doglan türgenleriň arasynda welaýat birinjiligi geçirildi.

Ýaryşa Mary şäheriniň Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinden 2 topar, 2-nji, 3-nji we 5-nji sport mekdeplerinden, şeýle-de Wekilbazar, Sakarçäge etraplarynyň sport mekdeplerinden türgenler gatnaşdylar.

Çekeleşikli geçen ýaryşda 1-nji orna Mary şäheriniň Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň tälimçisi Seýitmuhammet Mollaýewiň taýýarlan türgenler topary mynasyp boldy.

2-nji orna Sakarçäge etrabynyň sport mekdebiniň türgenleri, 3-nji orna bolsa 5-nji sport mekdebiniň türgenler topary mynasyp boldy.

 Ogulgöwher GURBANOWA, 

Mary şäheriniň Ýöriteleşdirilen Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň usulyýetçisi.