Atçylyk sporty bedewler bilen aragatnaşykda bolmagyň lezzetini duýmaga, fiziki taýdan kämillige ýetmäge mümkinçilik berýän birnäçe görnüşleri öz içine alýan sport görnüşidir. Çylşyrymly maşklaryň we hereketleriň utgaşykly doly ýerine ýetirilmegi netijesinde kämillik ýüze çykýar.
At münmegiň adam saglygyna ýetirýän täsiri baradaky maglumatlara gadymy döwürlerdäki ýazgylarda hem duş gelmek bolýar. Meşhur lukman Antila at münmegiň tutuş bedeni güýçlendirýändigini baradaky pikiri öňe sürüpdir. Selsiý aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini at münmek arkaly bejermegi maslahat beripdir.
Häzirki wagtda lukmanlar aty eýerläp münmegiň adamyň iýmit siňdiriş, gan aýlanyş, nerw, dem alyş, endokrin ulgamlaryna oňyn täsir edýändigini anykladylar. Şeýle-de, alymlar at münmegiň emosional sarsgynlardan aýňalmaga oňat täsir edýändigin tassyklaýarlar.
At münmegiň bedene ýetirýän täsiri at bilen geçilýän ýola baglydyr. Mysal üçin, at üstünde yzly-yzyna gezelenç etmek, adam bedenine pyýada ýöremegiň saglyga peýdasy ýaly täsir edýär. At çapmak bolsa dag-da ýa-da büdür – südir ýerler-de ylgamak bilen deňdir.
Adam at üstinde gezelenç edýän wagty çalt ýöremäge ýa-da ylgamaga garanyňda oňurga bogunlaryna düşýän agram ep-esli azalýar, ýöne şol bir wagtyň özünde hem adam bedeniniň demagramlylygy sazlanýar.
At münmek adam bedenine çylşyrymly ýagdaýda onyň täsir edýär.
Atly gezelenç wagtynda atyň temperaturasy adam bedeniniň temperaturasyndan ortaça 1,5 gradus dereje ýokary bolýar, at işjeň wagtynda onuň temperaturasy has hem ýokarlanýar. Şol wagtda at bilen çapyksuwar umumylykda hereket edýär. Bu bolsa adamyň beden agzalarynyň sazlaşykly ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Göwnüňi ganatlandyrýan wepaly bedewler bilen aragatnaşykda bolmak adam psihikasyna hem uly täsir edýär. Mundan başga-da, arassa howada at münmek bedeni tebigy taýdan gyzdyrmaga kömek edýär.
Gülendam BERDIÝEWA,
«Sport» teleýaýlymynyň redaktory.