2020-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda sagaldyş maşklarynyň häzirki zaman görnüşi hökmünde dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy. Sportuň bu görnüşi adamyň beden agzalaryny, aýaklarynyň we elleriniň bogunlaryny berkidýär, ýürek-damar we dem alyş ulgamlarynyň işjeňligini artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamyň beden agzalarynyň mümkinçilikleriniň açylmagy hem-de olaryň kadaly hereketiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelere lukmançylyk ylmynda aýratyn ähmiýet berilýär. Pyýada gezelenç etmek bolsa, onuň işjeňligini artdyrýar we uzak ýaşamaga ýardam edýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, skandinaw ýörişi ýüregiň we dem alyş ýollarynyň işleýşini gowulandyrýar hem-de adamyň tutuş bedenine oňyn täsiri bar. Ýöriş mahalynda bogunlaryň hereketi sazlaşýar, bu bolsa adamyň bogunlaryna duzuň ýygnanmagynyň öňüni alýar.
Skandinaw ýörişiniň barşynda arkanyň we eginleriň bogunlary işjeňleşýär. Bu ýagdaý adaty pyýada gezelençlerde bolup geçmeýär. Bu ýörişiň peýdasy uludyr, emma belli bir tehnikanyň berjaý edilen ýagdaýynda şeýledir. Mysal üçin, ölçegi boýunça taýaklary dogry seçip almaly, olara känbir agram salman, ýörelen mahaly degişli görnüşde ulanmaly.
Bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak adamlarda şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe adamlaryň saglygynyň köpugurly guraly we onuň ukyplarynyň amala aşmagynyň esasy şerti bolup durýar. Şonuň üçin hem ähli watandaşlarymyz hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinýärler.